Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 102,4 göterim, konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy hem 110,1 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle-de polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek babatda gazanylan tehniki ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz känlerinde tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Nebiti gaýtadan işleýän senagatda innowasion taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns bermegiň möhümdigi nygtaldy.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.