Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasyna badalga berildi. Sabyrsyzlyk bilen garaşylan ýaryşyň ilkinji gününde duşuşyklaryň ikisi guraldy.
Tapgyryň birinji duşuşygynda «Köpetdag» Türkmenbaşy şäheriniň TNGIZT topary bilen deňme-deň oýnady (3:3). Oýun gününiň ikinji duşuşygynda Mergen Ataýewiň türgenleşdirýän «Senagatbank» topary «Migrasiýadan» 2:1 hasabynda üstün çykdy. Bu tapgyryň ýene-de bir duşuşygy – «Deňizçi» bilen «Turan» toparlarynyň arasyndaky oýun 7-nji maýda geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, futzal ligasynyň 1-nji, 2-nji, 3-nji hem-de 4-nji tapgyrlarynyň duşuşyklary Aşgabat şäherinde geçirilýär.
Türkmenistanyň futzal çempionatynyň toparlaryň altysynyň gatnaşmagynda geçýändigini ýatladýarys.
Dört aýlawdan ybarat bolan Naýbaşy futzal ligasynyň duşuşyklary Aşgabat, Türkmenbaşy hem-de Daşoguz şäherlerinde guralar.
Birinji tapgyryň duşuşyklary:
«Köpetdag» – TNGIZT – 3:3
Gollar: 7 Allaberdi Meredow, 17 Sähetmyrat Atdaýew, 36 Kerwen Annaorazow («Köpetdag») – 11, 25 Maksat Amanow, 32 Mekan Şamyradow (TNGIZT)
«Migrasiýa» – «Senagatbank» – 1:2
Gollar: 36 Abdylla Gurbannepesow («Migrasiýa») – 18 Resul Heşdekow, 22 Nepesgeldi Ataýew («Senagatbank»)
çeşme: https://tca.gov.tm/