744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
06.05.2024
«Merw» Türkmenistanyň çempionatynda bir basgançak ýokary galdy

Konsernimiz tarapyndan hemaýatkärlik edilýän Marynyň «Merw» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň çempionatynyň 12-nji tapgyryny ýeňiş bilen tamamlady.
Topar tapgyrda «Aşgabat» futbol toparyny kabul edip, güýçli garşydaşdan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 37-nji minutda 11 metrlik jerime ugrusyndan Söhbet Allanurow geçirdi.
Bu ýeňişden soň möwsümde toplan utuklaryny 18-e çykaran «Merw» ýaryş tertibinde dördünji orna beýgeldi.