2024-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3%-e deň boldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 3-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy.
Bu görkeziji senagat pudagynda 3,7 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8 göterime, söwdada 8,2 göterime, gurluşykda 5,8 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 5 göterime deň boldy.
Mejlisiň barşynda wise-premýer H.Geldimyradowyň habar berşi ýaly, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy.
Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar — aprel aýlarynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,9 göterim ýokarlandy.