744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
07.05.2024
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri döwlet dolandyrylyşy boýunça Hytaýda okuw geçerler

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň deňleýjileri HHR-iň Pekin uniwersitetiniň döwlet dolandyrylyşy boýunça gysga möhletleýin okuwyna gatnaşarlar diýip, Türkmenistan Habarlar merkezi habar berýär.

 

Seminar Pekin uniwersitetiniň Bilim gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän “Gündogar stipendiýasy” taslamasynyň çäklerinde geçiriler. 56 döwletiň wekilleri bilen bir hatarda, türkmen diňleýjileri hökümet edaralaryna we hususy kärhanalara baryp görerler.

 

Okuwlar tamamlanandan soň, 6-njy iýunda oňa gatnaşyjylara Pekin uniwersitetiniň şahadatnamalary gowşurylar.

 

“Gündogar stipendiýasy” taslamasy Hytaýda döwlet dolandyrylyşynyň aýratynlyklaryny tanyşdyrmak maksady bilen 2019-njy ýylda işe girizildi. Bütin dünýäden ýaş liderler, Hökümet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, analitika merkezleriniň we ylmy jemgyýetleriň wekilleri taslamanyň auditoriýasy bolup durýar.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy döwlet gullukçylarynyň hünär bilimlerini we amaly başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen 2008-nji ýylyň sentýabrynda Prezidentiň karary bilen döredildi.