744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
07.05.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýadaky Ýeňiş gününiň dabaralaryna gatnaşar

Mälim bolşy ýaly, 9-njy maýda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde 1941-1945-nji ýylyň urşundan gazanylan ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş guralar. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 1941-1945-nji ýylyň urşundan gazanylan ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen bir hatarda Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Kubanyň Prezidenti Migel Dias-Kanel Bermudes, Laos Halk-Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Thinglun Sisulit we Gwineýanyň Prezidenti Bisau Umaru Sissoko Embola gatnaşar.

Şeýle hem Wladimir Putin bilen dabara gatnaşýan döwlet Baştutanlary baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde näbelli esgeriň ýadygärligine gül desselerini goýarlar.

Mundan başga-da, Wladimir Putin 8-nji maýda Ýewraziýa Ykdysady geňeşiniň ýokary derejedäki mejlisine gatnaşar.

çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/