744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
07.05.2024
BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan we Gruziýadan gelen işewürler TDHÇMB-niň söwdalarynda ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, uçar kerosinini, nebit ýol bitumyny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümler, ýorgan-düşek daşlyklary, nah ýüplük, geçiniň ýüňi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 833 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 6 million 207 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, nebit ýol bitumyny, binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), float aýnasyny, el halylaryny satyn aldylar.