“Expo 2025 Osaka Kansai“-iň guramaçylyk komiteti öz sahypalarynda Türkmenistan bölüminiň daşky dizaýnyny görkezdi we “Gowy geljege ylham berýän” mowzugyny hödürledi.
Türkmenistan bölümi milli nagyşlar, ýeňil paneller we Beýik Ýüpek ýoluna degişli şekiller bilen bezelipdir. 2025-nji ýylda Ýaponiýada geçirilen Bütindünýä sergisini gurnaýjylar: “Bu ýerde olaryň medeniýeti, taryhy we durnukly ykdysady ösüşi bilen tanşyp bilersiňiz” — diýip belleýärler.
Milli bölümiň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi “Belli E.S” türkmen kärhanasyna ynanyldy.
“Osaka Kansai” sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň 14-nji aprelde, ýagny serginiň açylyş gününden bir gün soň, alty aý dowam etjekdigini ýatladýarys.