Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky “Arkadagly Ýaşlar” atly elektron žurnalynyň şu ýylky dördünji sany çap edildi.
Žurnalyň ilkinji makalasy geçen aýda Aşgabat şäherinde geçirilen halkara hokkeý ýaryşyna bagyşlandy. “Il saglygy ― ýurt baýlygy” atly makalada bolsa 7-nji aprelde ýurtda bellenilen Bütindünýä saglyk gününiň ähmiýeti açylyp görkezilýär.
“Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri kuwwatlanýar” atly makala geçen aýyň iň uly wakalarynyň biri bolan Aşgabat ― Türkmenabat aralygyndaky ýokary tizlikli awtoýoluň Tejen ― Mary böleginiň açylmagyna bagyşlandy.
Okyjylar “Öýüm bar ― ülkäm bar” atly makaladan milli mirasymyzyň öý bilen bagly dürdäneleriniň birnäçesi bilen tanşyp bilerler. Şol sahypalarda rus dilinde ýerleşdirilen makalada bolsa türkmen ýaşlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen halkara foruma gatnaşmagy barada gürrüň berilýär.
Aprel aýyndaky iň möhüm baýramlaryň biri bolan Türkmen bedewiniň milli baýramy neşiriň sahypalarynda giňişleýin şöhlelenýär. “Türkmenistanyň harytlar we hyzmatlar bazaryny ösdürmegiň esasy ugurlary” atly makalada bu pudakda ýaş işewürleriň ornuna aýratyn üns berilýär.
Žurnalda başga-da birnäçe gyzykly makalalar we çykyşlar neşir edilen, bu bolsa öz gezeginde okyjylaryň neşire bolan gyzyklanmasyny artdyrýar.