Türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde şahyryň goşgular ýygyndysy gyrgyz dilinde neşir edildi.
«Magtymguly: Saýlanan eserler» atly bu ýygynda şahyryň 66 goşgusy girizildi. Täze neşir arkaly gyrgyz okyjylary Magtymgulynyň döredijiligi bilen öz ene dillerinde ýakyndan tanyşyp bilerler.
Mundan başga-da, Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi Türkmenistanyň Ilçishanasynyň ýardam bermeginde «Magtymguly dünýäniň hakydasynda» atly dokumental filmini taýýarlady. Film Gyrgyzystanda surata düşürildi.
Gyrgyz diline terjime edilen film 2024-nji ýylyň maý aýynyň dowamynda ýurduň «Тв-15», «Регион», «7-канал», «MANAS TV», «УТРК» и «Madaniýat TV» teleýaýlymlarynda görkeziler.
Beýik türkmen şahyrynyň ömri we döredijiligi baradaky dokumental film gymmatly taryhy maglumatlary hem-de gyrgyz ylmy intelligensiýasynyň wekilleri bilen interwýulary özünde jemleýär.