10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynyň, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki önümçilik kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek maksady bilen, olar zerur serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär. Toplumyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, tehnikalary, enjamlary täzelemek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.