14-nji maýda Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahat geçirildi.
Abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýewropa Bileleşigi bilen däp bolan gatnaşyklar hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. 1993-nji ýylda hyzmatdaşlygyň ýola goýlan wagtyndan bäri dürli ugurlarda — syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplandy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet senasy we Ýewropa Bileleşiginiň senasy ýaňlandy.
Umumy mejlisiň dowamynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitlere üns çekildi. Ol geçen 30 ýylyň içinde yzygiderli we netijeli ösdürildi. Bellenilişi ýaly, 2019-njy ýylda ýurdumyzda Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň açylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine täze itergi berdi. Gurama bilen köp ýyllaryň dowamyndaky hyzmatdaşlygyň hereket edýän we Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini çözmäge gönükdirilen taslamalaryň, maksatnamalaryň, hususan-da, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” bilelikdäki komitetiniň, parlamentara dialogynyň, adam hukuklary boýunça dialogynyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň çäklerinde yzygiderli ilerledilýändigi nygtaldy. Mundan başga-da, sebit derejesinde, şol sanda “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” dialogynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edilýär.
Ýurdumyz bilen ÝB-niň arasyndaky däp bolan dostlukly dialog özara ynanyşmak, açyklyk ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýokary derejedäki gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi aýratyn bellenildi.
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Teri Hakala öz çykyşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň Ýewropa Parlamenti bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ylalaşyk tassyklanylýança (2010 ý.), wagtlaýyn söwda Ylalaşygy esasynda kadalaşdyrylandygyny aýtdy. Bu resminamanyň çäklerinde ÝB we Türkmenistan gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny, hususan-da, söwda-ykdysady ulgamdaky özara hereketleri yzygiderli ösdürdiler. Guramanyň Merkezi Aziýa boýunça Strategiýasyny durmuşa geçirmegiň meselelerini we syýasy, ykdysady wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin bilelikdäki komitetiň her ýylky duşuşyklary geçirilýär.
Ýetilen sepgitler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi umumy mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. ÝB-niň taslamalarynyň wekilleri bu düzüm bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanda durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan maksatnamalardyr taslamalar barada aýratyn nygtadylar. Olar durnukly ösüş, ulag, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigini bellediler.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda maslahata gatnaşyjylar bilelikdäki täze taslamalar — Halkara söwda merkezi tarapyndan amala aşyrylýan “Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygyny we integrasiýasyny ýokarlandyrmak” hem-de ÝB-niň Türkmenistanyň “ýaşyl” ösüşine goldawy bolan “Syýasy dialog we 2024 — 2028-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy hereketler” atly taslamalar bilen tanyşdyryldy.
Mowzuklaýyn mejlislerde ýurdumyz bilen ÝB-niň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň ösüşi, howpsuzlyk, söwda, bilim, “ýaşyl” energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk, bu ugurlarda Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilen maksatnamalar bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol gün Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzda amala aşyrýan işlerine bagyşlanan sergi hem guraldy.
Şeýlelikde, bu çäre diňe bir diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň taryhy ähmiýetini şöhlelendirmek bilen çäklenmän, eýsem, Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň wajypdygyny we netijeli häsiýete eýedigini görkezdi.