Russiýa we yslam dünýäsi hyzmatdaşlygyň netijeli, özüne çekiji ykdysady hem-de tehnologik nusgasyny görkezmelidirler. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumynda eden çykyşynda belledi.
Biziň üçin ahlak sütünleri bolan ozaldan gelýän gymmatlyklara, parahatçylyga, durmuş adalatlylygyna ygrarlylyk häzirki zaman meýillerine goşulyşmak, ykdysadyýete, gündelik durmuşa innowasion usullaryň ornaşdyrylmagy bilen utgaşdyrylmalydyr diýip nygtady we bilelikdäki iş üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.
Russiýanyň kuwwatly tehnologik, ylym-bilim mümkinçilikleri yslam dünýäsiniň aglaba döwletleriniň ösen infrastrukturasy, baý tebigy serişdeleri, ýaş we işjeň ilaty hem-de ösüş üçin beýleki jedelsiz artykmaçlyklary bilen birlikde, giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, senagat-energetika, ulag hyzmatdaşlygy, ylmy we bilim alyşmalary, intellektual kuwwaty, öňdebaryjy çözgütleri birleşdirmek babatda durnukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn şertleri döredýär – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Umuman, Russiýanyň we musulman ýurtlarynyň tutuş dünýä üçin hyzmatdaşlyga açyk bolmak bilen, öz ägirt uly mümkinçiliklerini birleşdirip, syýasatda, ykdysadyýetde, ahlak-aňyýet babatynda milli özboluşlylygyny, mertebesini hem-de taryhy tejribesini peseltmezden, hoşniýetli erk-islegi, parahatçylyk söýüjiligi, ösüşe ygrarlylygy görkezmek bilen, ählumumy meýillere oňyn täsir etmäge, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup galmaga ukyplydyklaryna ynanýaryn diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Ýeke-täk dogry ýörelgäniň şundadygyna üns çekildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hem-de yslam dünýäsiniň bir bölegi hökmünde anyk çäreleridir hereketleri teklip etmek bilen, şeýle çemeleşmä ýardam bermegi öz wezipesi hasaplaýar.