Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Hökümetiň 17-nji maýda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna gözegçilik edýän toplumyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna nebitiň, tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan Lebap we Mary welaýatlarynyň çäginde ýerleşýän meýdançalarda buraw işleri geçirilýär. Munuň özi tebigy gaza baý bolan meýdançalary ýüze çykarmaga, onuň çykarylýan möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberiniň çykarylmagyna uly üns berilýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.