Prezident Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny ýurdumyzda 18-nji maýda bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlady.
“Sizi agzybirligimizi we bitewüligimizi alamatlandyrýan, demokratik, hukuk, dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýlip Gutlagda aýdylýar.
“Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň hem-de berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar” diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtaýar.
“Döwlet baýdagy Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, şöhratly geçmişimiziň, bagtyýar döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli bu döwlet nyşanlarymyzyň hem-de mukaddesliklerimiziň kämil hukuk ulgamynyň, täze eýýamyň belent maksatlaryny durmuşa geçirmegiň mizemez esaslaryna bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, aýdym-sazly çykyşlar, Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynda we durky täzelenen Baş baýdak meýdançasynda, Arkadag şäheriniň, welaýat merkezleriniň hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Baş baýdak meýdançalarynda ýaýbaňlandyryljak baý many-mazmunly baýramçylyk çäreleri watansöýüjiligimizi we dostlugymyzy, agzybirligimizi hem-de rowaçlyklarymyzy giňden dabaralandyrýar. Her birimizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik işlerine hem-de ösüşlerine galkyndyrýar” diýlip, Gutlagda bellenilýär.