Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdiler. Bu barada 20-nji maýda TDH habar berdi.
19-njy maýda bortunda Ebrahim Raisi bolan dikuçar kynçylykly gonuş etdi. Mälim bolmagyna görä, Eýranyň Prezidenti Azerbaýjandan dolanyp gelýän eken. Azerbaýjanda ol eýran-azerbaýjan serhedinde Aras derýasynda bendiň açylyşyna gatnaşypdyr.
Şu gün irden Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýranyň Prezidentiniň dikuçarynyň "kynçylykly gonmagy" bilen bagly gözleg işlerine ýardam bermäge taýýarlygy barada beýanat çykardy.
“Türkmenistan Eýranda bolup geçen, bortunda ýurduň Prezidenti Ebrahim Raisi we beýleki ýokary wezipeli adamlar bolan dikuçar heläkçiligi baradaky habary çuňňur ynjalyksyzlyk bilen kabul etdi” diýlip habarda aýdylýar.