«Türkmengaz» döwlet konserniniň tehniki bölümi tarapyndan şu günki güne çenli gaz pudagynda ulanylýan kadalaşdyryjy resminamalaryň jemlenen sanawyny kesgitlemek maksady bilen, konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň alyp barýan işlerinde peýdalanylýan kadalaşdyryjy resminamalaryň umumy sanawy düzüldi.
Şol sanawda kadalaşdyryjy resminamalar 911 sany bolup, döwrebaplaşdyrmaga degişlileri seljerilip, olar 114-den ybarat boldy. Şu günki güne çenli kadalaşdyryjy resminamalaryň jemi 82 sanysy bellenen tertipde resmileşdirildi. Galan 32 sany resminamalaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk getirilmegi üçin edara-kärhanalara degişliligi boýunça bölünip berlip, 2024-nji ýylda 15 sany kadalaşdyryjy resminamany döwrebaplaşdyrmak üçin meýilnama düzüldi we olardan 4 sany resminama bellenen tertipde resmileşdirildi.
Şeýle hem «Standartlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan talaplary ýerine ýetirmek maksady bilen, gaz pudagynda ozal kabul edilen we täze tassyklanýan kadalaşdyryjy resminamalaryň maglumat gaznasy döredildi.