744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
21.05.2024
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

20-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutanyna ýakynda dostlukly Tatarystana amala aşyrylan saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de Milli Liderimiz “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

Türkmen halkynyň Millim Lideri Kazan forumynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, şeýle çäreleriň guralmagynyň Tatarystanyň ösmegine hem-de Russiýa bilen yslam dünýäsini baglanyşdyrýan halka hökmünde ýurduň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň türkmen-tatar gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyny belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzyň halklary asyrlaryň dowamynda medeniýetiniň, diliniň, dininiň umumylygyna, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýärler.

Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we gepleşikler halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň aýdyň güwäsidir.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Tatarystan dürli ugurlar boýunça, hususan-da, nebitgaz, gämigurluşyk, himiýa senagaty pudaklarynda, awiasiýa tehnikalaryny, ýük awtoulaglaryny ibermek ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Bellenilişi ýaly, türkmen-tatar hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady gatnaşyklara möhüm orun degişlidir. Tatarystanyň iri kompaniýalary türkmen bazarynda üstünlikli iş alyp barýarlar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ynsanperwer ulgama, şol sanda ylym we bilim, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.

Biz türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegini emele getirýän Tatarystan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýäris diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri, Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.