744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
24.05.2024
Awtoulag benzinleriniň dürli görnüşleriniň 440 müň tonna golaýy öndürildi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 2024-nji ýylyň geçen hasabat döwründe gelip gowşan 1 million 442 müň tonna golaý nebit çig malynyň 1 million 438,7 müň tonnasy gaýtadan işlenildi. Bellenilen meýilnamalar bolsa, degişlilikde, 12 müň 286 tonna we 17 müň 643 tonna barabar berjaý edildi.

Taýýarlanylan awtoulag benzinleriniň dürli görnüşleriniň umumy möçberi bolsa 440 müň tonna golaýlady. Şeýle-de geçen dört aýda bu ýerde kerosin öndürmegiň meýilnamasyna 106,2 göterim, dizel ýangyjy babatda 100,1 göterim, çalgy ýaglary boýunça 110,1 göterim amal edildi.
Daşarky bazarlarda geçginli önümleriň hatarynda durýan suwuklandyrylan gazy taýýarlamagyň tabşyrygynyň 257 göterim berjaý edilendigini aýratyn nygtamak gerek diýlip, habarda bellenilýär.
Ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň 3-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz känlerinde, nebiti gaýtadan işleýän senagatda innowasion taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns bermegiň möhümdigini nygtandygy barada habar beripdik.

Çeşme: Türkmenmetbugat