Şu gün, 24-nji maýda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Geňeşiň agzalary Arkalaşygyň çäklerinde ileri tutulýan ykdysady gatnaşyklar babatda pikir alşarlar.
Giňişleýin düzümdäki gepleşiklerde Energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk Konsepsiýasynyň we ony durmuşa geçirmek boýunça ilkinji nobatdaky çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalaryny, şeýle hem GDA agza döwletleriň çäklerinden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça hereketleriň Meýilnamasyny maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, mejlisiň jemleri boýunça saglygy goraýyş, himiýa senagaty, zyýanly galyndylar bilen işlemek we intellektual eýeçilik ulgamynda hukuk bozulmalara garşy göreşmek ulgamynda hyzmatdaşlyga degişli birnäçe resminamalary kabul etmek meýilleşdirilýär.
Gün tertipdäki meseleleriň ýene-de bir - Aşgabat şäheriniň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek baradaky Çözgüdiň kabul edilmegi.
Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi Russiýanyň başlyklyk etmeginde geçer.