744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
27.05.2024
Gruziýa energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär - ilçi

Iri sebitara ulag we energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde bilelikde hyzmatdaşlyk etmek türkmen-gruzin toparynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu barada Gruziýanyň Aşgabatdaky ilçisi Konstantin Sabiaşwili öz ýurdunyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap etdiren makalasynda ýazýar.

Gruziýa öz ýurdunyň çäginden ýükleriň, şol sanda energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmegi ulgamynda hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär we munuň üçin mümkin bolan amatly şertleri döredýär.

Türkmenistan energetika ulgamynda ynam bildirmäge mynasyp hyzmatdaş hökmünde tanalýar we şeýle bolmagynda galýar. Biz bar bolan gatnaşyklaryň täze ugurlar boýunça hem ilerlediljekdigine ynanýarys. Gruzin tarapy türkmen gazyny, şol sanda “ýaşyl energiýany” Gruziýanyň çäginiň üsti bilen Türkiýä we soňlugy bilen Günorta gaz geçelgesiniň turba geçirijileri arkaly günbatara tarap ugratmak üçin täze taslamalary goldaýar we olara ýakyndan ýardam etmäge taýýarlygyny mälim edýär.