744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
27.05.2024
Türkmenistanyň Prezidenti: «Türkmennebit» DK-nyň desgalaryny doly güýjünde işletmek zerur

25-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümçilik desgalarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Degişli meýilnamada kesgitlenen esasy wezipelere laýyklykda, tehnologik enjamlary abat ýagdaýda saklamak, nebit geçirijileriň durkuny täzelemek, çykarylýan «gara altyny» ygtybarly akdyrmak, ýurdumyzyň käbir gaz gysyjy beketlerinde, nebiti gaýtadan işleýän desgalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek, durkuny täzelemek hem-de täzelerini gurmak boýunça degişli işler geçirilýär.

Şunuň bilen birlikde, ugurdaş düzümleri tehniki enjamlar bilen üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky önümçilik desgalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle-de wise-premýere nebiti gaýtadan işleýän desgalaryň tehniki ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamak, zerur bolan ýagdaýynda, olarda abatlaýyş işleriniň geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.