744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
28.05.2024
Täze tehnikalar gelip gowuşdy

«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň dünýä belli kompaniýasynyň öndüriji zawodynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda konserniň Önümçilik desgalaryny üpjünleýiş müdirliginiň Marydaky 2-nji bazasyna «Zoomlion» kysymly tehnikalaryň ilkinji tapgyry gelip gowuşdy.

«Türkmengaz» döwlet konsernine gelip gowşan bu täze tehnikalar halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däp-dessurlaryna, döwletli ýörelgelerine laýyklykda, üzärlik tütedilip, ak un sepilip, alaja daňlyp, mähirli garşy alyndy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň gaz senagatynda alnyp barylýan tutumly işleri döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek, oňa täze tehnologiýalary ornaşdyrmak giň gerim bilen alnyp barylýar. Pudagyň edara-kärhanalarynyň tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň sebitlerinde täze, baý tebigy gaz gorly ýataklaryň açylmagyny, «mawy ýangyjyň» çykarylýan möçberleriniň artdyrylmagyny, önümleriň gaýtadan işlenilişiniň derejesiniň halkara kadalaryna laýyk getirilmegini şertlendirýär.

Dostlukly döwletiň öndüriji zawodyndan gelip gowşan bu ýokary iş öndürijilikli, häzirki zaman tehnologiýaly «Zoomlion» kysymly tehnikalaryň on sanysy zynjyrly, yzy ýer ýumşadyjy gurally buldozerlerdir. On dört sanysy bolsa zynjyrly ekskawatorlardyr. Tehnikalaryň bäş sanysy bort öwrümli asma enjamlary bolan mini ýükleýjilerdir. Kompýuterler arkaly dolandyrylýan bu tehnikalar konserniň önümçilik düzümlerinde ozalky bar bolan tehnikalaryň üstüni ýetirip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde gazçylaryň hakyky daýanjyna öwrüler.

Bu zynjyrly buldozerlerde, zynjyrly ekskawatorlarda, mini ýük göterijilerde sürüji üçin işlemäge oňaýly, amatly iş şertleriň bolmagy täze tehnikalaryň esasy aýratynlygydyr. Gelip gowşan bu täze tehnikalar bada-bat konserniň iri önümçilik düzümleri bolan «Türkmengazakdyryş», «Türkmengazüpjünçilik» birleşiklerine, «Türkmenýöritenebitgazgurnama» trestine, «Marygazçykaryş», «Döwletabatgazçykaryş», «Lebapgazçykaryş» müdirliklerine we beýleki edara-kärhanalaryna bölünip berildi. Täze tehnikalar ýurdumyzyň sebitlerinde täze gaz ýataklaryny özleşdirmekde, burawlaýyş, gaz gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmekde giňden ulanylar.

Konserniň gazçylary pudagyň önümçiligini döwrebap ösdürmäge döredilýän giň şertler üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar.