744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
28.05.2024
Netijeli işler alnyp barylýar

Ýurdumyzyň çäklerinde geçirilýän gidrogeologik barlaglar we tebigatymyza, ekologik ýagdaýa baha bermek üçin dürli ölçeglerde geologik we gidrogeologik barlaglar Ahal, Balkan, Daşoguz we Mary gidrogeologiýa ekspedisiýalary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Welaýatlarymyzda bar bolan düzgün-gözegçilik guýularynyň kömegi bilen ýerasty suwlaryň hiline, minerallaşmasyna we ýatyş derejesine gözegçilik etmek arkaly düzgün-balans barlaglary dowamly geçirilýär.

Ýerasty suwlaryna gözleg-barlag we düzgün-gözegçilik işlerinden başga-da, ekspedisiýa tarapyndan welaýat häkimlikleriniň, pudaklaýyn edara-kärhanalaryň buýurmalary esasynda şertnamalaýyn işler ýerine ýetirilýär.

Türkmen geologiýa gözleg ekspedisiýasy gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlaryň ýataklaryny gözlemek we barlamak hem-de ýüze çykarylan, barlanan mineral çig malynyň ýataklaryny gazyp alýan dag-magdan kärhanalaryna senagat taýdan özleşdirmegiň geologiýa işlerini amala aşyrýar, şonuň bilen hem olara bazar şertlerinde geologik-ykdysady taýdan baha bermek işini alyp barýar. Geçirilýän işleriň maksady gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlaryň mineral-çig mal binýadynyň häzirki ýagdaýyny takyklamakdan, ony senagat taýdan özleşdirmegiň we peýdalanmagyň meselelerini öwrenmekden ybaratdyr.

Döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen ýokarda agzalan işleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň «MBF Group DWC LLC» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda täze gelip gowuşýan ulag tehnikalarynda ornaşdyrylan SZMC-300, SZMC-200, DGML-1500, BZCYX-1000 buraw desgalary buraw işleriniň önümçiliginde ornaşdyrylýar.

Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň netijeli işleri geçirmekde maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini yzygiderli gowulandyryp, täze, döwrebap tehnikalaryň satyn alnyp berilmegi geologik açyşlaryň artmagyna getirer.