Şu gün paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň energetika geljegi, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri» atly Halkara ylmy maslahat (TESC 2024) öz işine başlady. Maslahat jemgyýetçiligiň ünsüni ekologiýa we durnukly ösüş meselelerini çözmelige çekmeklige gönükdirilendir. Daşky gurşawy goramagyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilýän duşuşyk onda ara alnyp maslahatlaşyljak temalaryň möhüm ähmiýetini nygtaýar.
Iki gün dowam etjek TESC 2024 maslahatyna gatnaşmak üçin dünýäniň 31 döwletinden 250-den gowrak wekil hasaba alyndy. Maslahat häzirki döwrüň ekologiýa wehimlerini çözmegiň üstünde bilelikde işlemek üçin alymlary, barlagçylary we hünärmenleri birleşdirip, durnukly ösüşe tarap möhüm ädim bolar.
TESC 2024 bütin dünýäden belli alymlary we ylmy barlagçylary ýygnar. Oňa şol sanda, NASA-dan alym Dana Çedwik, “tüweleýiň awçysy” Jorj Kurinas, şeýle hem BMG-niň we SPE inžener-nebitçileriň jemgyýetiniň öňdebaryjy wekilleri gatnaşýar.
Maslahatyň barşynda energetika mümkinçiliklerine, uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri maslahatlaşylar. Uglewodorodlary daşky gurşawa täsirleri mümkin boldugyndan azaldyp çykarmak, ýaşyl energetikany ilerletmek we onuň ösüşi üçin oňyn gurşawy döretmek boýunça innowasion çemeleşmelere aýratyn üns berilýär.
Şeýle hem wekilleri energiýanyň durnukly we dikeldilýän çeşmelerine geçişde ünsi jemläp, energetikanyň geljegi babatda pikir alyşýarlar. Şeýle hem türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmak, kömürturşy gazyny utilizasiýa etmegiň usullary babatda maslahatlaşýarlar.