Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda alty aýda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 11-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary hasabat bilen çykyş etdiler.
Hasabat ýygnagynda dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebiti we tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek, geljegi uly täze känleri we gatlaklary ýüze çykarmak, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, gurluşyk işleriniň depginini çaltlandyrmak, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmek, nebitgaz senagatynyň çig mal binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, geologik-gözleg işlerini sanly tehnologiýalar esasynda ýerine ýetirmek, howa şertlerine görä, işleri talabalaýyk alyp barmak we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.
Wise-premýer Batyr Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginler bilen dowam etdirilmeginiň, pudagyň garamagyndaky dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini ýokary derejede geçirmegiň, işgärleriň hünär derejelerini yzygiderli kämilleşdirmegiň, milli ýangyç-energetika ulgamynyň dünýäniň häzirki ösen derejesine laýyklykda ösdürilmeginiň möhümdigini belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kesgitledi.
Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew hem gatnaşdy.
Çeşme: "Nebit-Gaz" gazeti