744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
14.07.2025
Gahryman Arkadagymyz Awazada welosipedli gezelenç etdi

13-nji iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän köpugurly sport toplumyna geldi we bu ýerde adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi.

Soňky ýyllarda Milli Liderimiziň tagallalaryndan binýat bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýokary mümkinçilikleri özünde jemleýän halkara derejeli şypahana toplumyna öwrüldi. Deňiz kenarynyň jana şypaly gözel künjegi dynç alşyň we saglygyňy berkitmegiň döwrebap hyzmatlaryny hödürleýär.

Gahryman Arkadagymyz welosipedde gidip barşyna, jana tenekar ýakymly howa gurşawy bolan giňişligi synlady. Säheriň sergin çagynda Awazanyň çäginde gaýtalanmajak sungat eserine çalymdaş ajaýyp görnüş emele gelýär. Bu ýerdäki köp sanly durmuş maksatly binalar, ähli amatlyklary özünde jemleýän myhmanhanalar, seýilgähler biri-biri bilen utgaşyp, özboluşly binagärlik sazlaşygyny döredýär. Gözel künjegiň ekologik ýagdaýy, zolagyň çäginden geçýän Awaza derýasy dynç alyş we syýahatçylyk zolagynyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Häzirki döwürde bu künjek tutuş dünýä ähmiýetli meseleleri esasy ugur edinýän halkara maslahatlaryň, sergileriň we beýleki çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şu ýylyň awgustynda Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty hem geçiriler.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň binalarynyň köpugurly häsiýete eýe bolmagy, olarda dürli çäreleri geçirmäge niýetlenen mümkinçilikler hem-de bu künjegiň abadançylygy giň möçberli halkara forumlary guramaçylykly geçirmäge şert döredýär. Hususan-da, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşygy döredýän bagy-bossanlyk dynç alyş zolagynyň ekologik derejesiniň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelmegini üpjün edýär.

Gahryman Arkadagymyz Awazanyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän sport toplumynyň ýanynda saklandy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň içine girdi we adaty endigine eýerip, bu ýerde irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi.

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary bolan Milli Liderimiz her bir işde watandaşlarymyza görelde bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmak, sport maşklaryny yzygiderli berjaý etmek adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň durmuş kadasyna öwrüldi. Lukmançylyk ylmynyň tassyklamagyna görä, sport maşklary adamyň saglygyna oňyn täsirini ýetirýär. Şunda her bir hereketiň kada laýyk ýerine ýetirilmegi zerur bolup durýar. Bu bolsa ynsanyň ruhubelent bolmagyny üpjün edýär we onuň işjeňligini ýokarlandyrýar. Toplumda oturdylan enjamlar hem adamyň daýanç-hereket ediş synalarynyň berkemegine ýardam berýär.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň daşyna çykyp, deňziň kenary boýunça welosipedli gezelenjini dowam etdi.

Häzirki döwürde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ähli ýerleri gür baglyga bürenipdir. Şeýle hem bu ýerde ýylyň ähli paslynda dynç almak we saglygyňy berkitmek üçin ähli zerur şertler üpjün edildi. Munuň özi ýurdumyzda adamlaryň saglygy baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygynyň aýdyň beýanydyr. Tomusky dynç alyş möwsüminde bolsa deňziň kenary ildeşlerimiziň söýgüli künjegine öwrülýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyz deňziň kenarynda birsellem gezim etdi. Ýylyň bu paslynda Awazanyň säher çaglary ynsanyň janyna ýakymlylygy bilen tapawutlanýar. Gojaman Hazaryň üsti bilen öwüsýän säher şemaly ruhuňy göterýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyz deňziň kenary boýunça gezelenjini welosipedde dowam edip, kenaryň saýaly baglara beslenen künjegini synlady. Awazanyň seýilgähleri, daş-töweregiň bagy-bossanlygy dynç alýanlaryň ruhubelentligini artdyryp, adamlary täze zähmet üstünliklerine höweslendirýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi