744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
18.06.2024
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi 38-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de polipropileni satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklary, tüýjümek matalar, jins önümleri, jins hem-de nah mata, nah ýüplük, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 763 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 537 million 257 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, garylan parafin galyndysyny, binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), tehniki uglerody, tehniki ýody, bişofiti, natriý sulfatyny («Türkmenhimiýa» döwlet konserni), float aýnasyny we el halylaryny satyn aldylar.