744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
31.07.2025
Türkmenistanyň baştutany Balkan welaýatyna iş sapary amala aşyrdy

30-njy iýulda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna gitdi. Döwlet baştutany, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk bilen tanyşdy. Bu barada "Türkmenistan bu gün" döwlet maglumat gullugy habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy halkara howa menziline geldi, şol ýerde ony garşy alan resmiler döwlet baştutanyny bu halkara awiasiýa merkeziniň üstünlikli döwrebaplaşdyrylmagy bilen gutladylar.

Prezident, şeýle hem, halkara forumyň we Awaza milli syýahatçylyk zolagynda maslahat bilen bagly medeni çäreleriň geçiriljek yerlerine baryp gördi. Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow toplumyň çäginde edilen işler barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Aşgabat şäherine gaýdyp geldi.

Türkmenistanyň baştutanynyň Balkan welaýatyna eden iş sapary, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna ýokary derejede guramak üçin alnyp barylýan işleriň gerimini açyk görkezdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habar gullugy