744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
22.06.2024
«Türkmengazakdyryş» birleşigi tarapyndan gaz geçirijileriň birnäçesinde düýpli abatlaýyş işleri alnyp barylýar

21-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz geçiriji ulgamlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ilatyny, senagat kärhanalaryny, durmuş maksatly desgalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazakdyryş” birleşigi tarapyndan gaz geçirijileriň birnäçesinde düýpli abatlaýyş işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ilatyny, senagat kärhanalaryny, durmuş maksatly desgalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Şoňa görä-de, gaz geçiriji ulgamlaryň hemişe kadaly işlemegini üpjün etmek zerurdyr. Munuň özi tebigy gazy içerki sarp edijilere hem-de daşarky bazarlara ibermegiň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi