744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
24.06.2024
Ertir “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahaty geçiriler

Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde 25-nji iýunda Aşgabatda “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy. Bellenilişi ýaly, bu forum ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir.

Işewürlik maslahatyna energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalyk we azyk senagaty, gurluşyk, syýahatçylyk ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Forumyň barşynda söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Şunuň bilen birlikde, tejribe alyşmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, iki ýurduň telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak meýilleşdirilýär.