744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
24.06.2024
Medeniýet hepdeligine Arkadag şäherinde badalga berildi

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde çäreler dowam edýär. Bu iri medeni forum her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär. Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet taglymatyny kemala getirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

22-nji iýunda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda ýaýbaňlandyryldy. Dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Medeniýet ministrliginiň we oňa degişli edara-kärhanalaryň, guramalaryň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.  

Bellenilişi ýaly, bu ýerde dabara gatnaşyjylar teatryň binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar.

Soňra birnäçe gün dowam etjek giň gerimli iri medeni forumyň açylyş dabarasynda  Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly üns bilen diňlenen Gutlagy dowamly we şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi. 

Soňra bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Ol ýurduň sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň – dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň we meşhur saz toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Artistleriň çykyşlary bilen utgaşýan wideoýazgylar döwlet Baştutanynyň başlangyçlary we özgertmeleri bilen baglanyşykly möhüm ähmiýetli wakalary, ýurduň medeni durmuşyny şöhlelendirdi. Bu bolsa ýaýbaňlandyrylýan çykyşlaryň täsirli  wakalara, ýatda gylyjy pursatlara beslenmegini şertlendirdi. 

Soňra Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasynyň hormatyna guralan konsert tamamlanansoň, täze şäherde guralan medeni-köpçülikleýin çärä gelenler bu ýerde toý sadakasyna gatnaşdylar. 

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde, Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýurduň muzeý hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda “Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri” atly iş maslahaty geçirildi. 

Ýurduň muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň, şeýle hem muzeý gymmatlyklary bilen gyzyklanýan ylmy işgärleriň, köp sanly hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar muzeýiň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli serginiň gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde ýurduň muzeýlerinde saklanýan dürli görnüşli gymmatlyklar, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. 

Iş maslahatynda bu ugra degişli çykyşlara giň orun berildi. Medeniýet pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri, şol sanda muzeý işini kämilleşdirmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň usulyýetini guramak bilen baglanyşykly meseleler hünärmenleriň eden çykyşlarynyň esasy mowzugyna öwrüldi.

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylyp, tomaşaçylara ilkinji gezek görkezilen «Älem nury» atly sahna oýny bu ýerde guralan dabaralaryň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.

 Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi