744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
25.06.2024
Zenanlaryň döredijilik bäsleşigi geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde «Arkadag hem Arkadagly Serdar bilen bagtyýar siz, Pyragynyň wasp eýläni, zenanlarmyz — bagta ýar siz!» atly şygar bilen geçirilen bäsleşigiň jemi jemlenildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň ilkinji zenanlar guramasynyň «Nebit-gaz» gazeti bilen bilelikde Gündogaryň beýik, akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli guran dabaraly baýramçylyk çäresine toplumyň önümçilikleriniň öňdebaryjy işgärleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary we beýleki daşdan-ýakyndan gelen myhmanlar gatnaşdy.

 

Dabara Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň, «Galkynyş» çagalar tans toparynyň çykyşy bilen başlandy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýewiň Pyragynyň şekilini janlandyryp, akyldaryň goşgularyndan çeper okamagy hem tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. 

 

Bäsleşigiň iň dabaraly pursadynda alypbaryjy emin agzalarynyň gelen netijesine görä, ýeňijileri yglan edýär. Şunda bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, ýeňijileriň altysyna baýrakly orunlaryň berlendigini bellemelidir. Şeýlelikde, 1-nji ýere «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buhgalteri, Türkmenbaşy şäher Halk maslahatynyň agzasy Şemşat Nefesowa, ikinji orunlara «Nebit-gaz» gazetiniň habarçysy Akgül Saparowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Geologiki maglumatlar merkeziniň inženeri Ogulsuraý Gara-ýewa, 3-nji orunlara «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýörite işler boýunça esasy hünärmeni Gülşat Myratmuhammedowa, «Marygazçykaryş» müdirliginiň esasy ykdysatçysy Maýsa Hallyýewa, «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Aşgabatgaz» müdirliginiň hünärmeni Baýramgül Setdarowa dagy mynasyp boldy. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar we ter gül desseleri gowşuryldy. 

 

Ýeňijileri sylaglamaklyk tamamlanandan soň, Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçylarynyň, bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde döwrebap we halk aýdymlary belentden ýaňlandy