«Lebapgazçykaryş» müdirliginde şu ýylyň geçen bäş aýynda guýularyň 11-sini abatlamagyň hötdesinden gelindi.
Müdirligiň geologiýa bölüminiň başlygy Berdi Kutlyýew bu üstünlikde bölegiň köp sanly işgärleriniň saldamly paýynyň bardygyny guwanç bilen habar berdi. Olaryň bir topary tebigy gazyň köp möçberlerde gazylyp alynýan ýeri bolan Malaý gaz käninde zähmet çekýär. Bu kän boýunça şu ýylyň geçen döwründe tebigy gazyň 2 milliard 227,3 million kub metrden gowragy öndürildi.
Ýeri gelende müdirlik boýunça öndürilýän tebigy gazyň agramly böleginiň hut şu gaz käninde gazylyp alynýandygy-da bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle öňegidişlik Malaýda kuwwatly gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi netijesinde mümkin boldy. Kämil desganyň giň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak arkaly «mawy ýangyjyň» akymy barha artdyrylýar. Gazanylýan üstünlige Nurjan Akgaýewiň ýolbaşçylyk edýän abatlaýjylar toparynyň gaýratly hünärmenleri mynasyp goşant goşýarlar. Munuň şeýledigine toparyň agzalarynyň şu ýylyň geçen döwründe bitiren işlerine nazar aýlanyňda hem aýdyň göz ýetirip bolýar. Olar tarapyndan 76-njy belgili guýy düýpli abatlanyldy. Bu bolsa «mawy ýangyjyň» öndürilişini her gije-gündizde 140 müň kub metrden gowrak artdyrmaga mümkinçilik berdi.