«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi dolandyryş binasynda, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda zähmet çekip, iş otaglarynyň ýangyn howpsuzlygyna jogapkär hünärmenler, toplumyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çärä ýangyn howpsuzlygynyň gullukçylary wekilçilik etdi.
Duşuşygyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň esasy hünärmeni Jepbar Annaşow, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň gullukçysy, içerki gullugyň maýory Toýly Baýramow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş, zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň baş tehniki gözegçisi Perhatmuhammet Öwezow, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça tehniki gözegçisi Geldimyrat Seýtiýew dagy çykyş etdi.
Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurulýan düýpli gurluşygyň ähli desgalarynda we binalarynda raýatlarymyzyň zähmet çekmegi üçin hemme mümkinçilikleriň döredilendigi, tebigy gazdan, suwdan, elektrik energiýasyndan rejeli, tygşytly, talabalaýyk peýdalanmalydygy, bu babatda edara-kärhanalarda iş meýilnamasyna laýyklykda dürli çäreleriň yzygider geçirilýändigi aýdyldy.