744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
12.05.2023
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Premýer-ministri bilen täze ulag geçelgelerini döretmek meselesini maslahatlaşdy

Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogar sebitlerini baglanyşdyrýan täze üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň maksadalaýyklygy Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen geçiren duşuşygynda beýan edildi diýip, TDH habar berýär. Duşuşyk 11-nji maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana döwlet saparynyň ikinji gününde geçirildi. Duşuşygyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow iki döwletiň çäginden geçýän hem-de Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogar sebitlerini baglanyşdyrýan täze üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugurlary boýunça ulag gatnawlaryny döretmegiň geljekki ugurlary, Hytaýyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň arasynda Pars aýlagynyň we Hazar deňziniň portlaryna çykalgasy bolan multimodal ýük daşamalaryny guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, iki döwletiň arasynda göni we üstaşyr howa gatnawlaryny guramagyň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem iki döwletiň arasynda göni we üstaşyr howa gatnawlaryny guramagyň möhümdigi bellenildi. Türkmen wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna döwlet saparynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutany gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik hökümetara toparyna başlyklyk edijileriň giňişleýin düzümdäki duşuşygyny guramak hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak teklip edildi.