744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
“Döwletabatgazçykaryş” müdirligi

“Türkmengaz” döwlet konserniniň 27.12.2005 ý. 92 belgili buýrugy esasynda, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Döwletabat gaz senagat” kärhänasynyň adyny “Türkmengaz” döwlet konserniniň
“Döwletabatgazçykaryş” müdirligi diýilip atlandyryldy Döwletabat gazkondensatly käni 1974nji ýylda açyldy.

Bu gazkäni degişlilikde 1982, 1984,1988,yylda önümçilige işe girizildi. “Döwletabatgazçykaryş” müdirligi: Döwletabat-1, Döwletabat-2, Döwletabat-3, Garabil-Gurrukbil we Zäkli – Derweze gaz ýataklar toplumlaryndan ybarat bolup, bu ýataklardan hersine degişlilikde gaz arassalanyş işleri geçirilip, merkezi gaz geçirijä (SAS) gazyň hili TDS 634-2017-nji talaplaryna laýyk haryt gazy taýýarlanýar we sarp edijilere akdyrylýar. Şeýle uly meýdanda gaz guýlarynyň 347-den gaz alynýar. Şol guýlardan gaýtýan gaz, geçirjileriň üsti bilen gaz toplaýyşlara barýar. Gaz toplaýyjlardan gelýän gaz, urukdyrjy meýdançalara ondan hem gazy ilkinji arassalaýjy desgalara ugrukdyrylýar. Müdürlik boýunça gazy ilkinji arassalaýjy desgalaryň 13 sansy bolup, olaryň her biri ortaça 27-den gowyrak gaz guýlaryny özüne birikdirýär. Gazy ilkinji arassalaýjy desgalar,gazyň düzmündäki suwuklardan saplap bar bolan 11 sany baş desgalara ugradýar. Baş desgalara gelen gazy kükürt, uglewadorotdan, turşy gazlardan  arassalap,çyglylygy aýrylyp esasy geçirişlere berilýär. Gazyň düzüminden saýlanyp alynan gaz kondensaty geçiriji arkaly Tejen-Sarahs-Maşat halk-ara demir ýolynyň ugrundaky kondensat ýygnaýjy bekede, beketden bolsa seýdiniň gaýtadan işleýän zawodyna täzeden işlenmegä ugradylýar. “Döwletabatgazçykaryş”müdürligi döwlet tabşyrygy esasanda, gazyny Türkmenistanyň içerki sarp edijilerine isleglerine göra we ekesporta gitýän gazy aljylaryň isleg-talaplaryna görä dünýä standardynda iki taraplaýyn bähbitleri nazara alyp dünýa bazar bahasyndan öndürýär. 

 

Salgysy: Ahal welaýaty, Sarahs etraby, Döwletabat şäherçesi.
Telefon belgisi:(+993 134) 92-30-89;
Faks: (+993 134) 22-6-13;
Elektron poçtasy: dovletabadgazchykarysh@turkmengaz.gov.tm