744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
Awtoulaglar kärhanasy

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň Awtoulaglar kärhanasy “Türkmengaz” döwlet konserniniň buýrugy hem-de  “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň buýrugy esasynda “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň binýadynda döredilen döwlet kärhanasydyr.Esaslandyryjy hasaba alynan “Türkmengaz”   döwlet  konserniniň “Döwletabatgazçykaryş” müdirligidir.Kärhana öz hojalyk işini alyp barmak we önümçiligini dolandyrmak, badabat önümçilik soraglaryny kesgitlemek meselelerinde doly hojalyk özbaşdaklyk hukugyna eýedir. Kärhana öz alyp barýan işinde Türkmenistanyň konstitutsiýasynda, Türkmenistanyň kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň 

Permanlarydyr,Kararlaryna we namalaryna, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlaryna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Kararlaryna, Esaslandyryjynyň çözgütlerine hem-de Tertipnama gollanýar. Kärhana “Esaslandyryjy” bilen  ylalaşyklykda  Türkmenistanyň hemme ýerlerinde öz öňünde goýulan zerur wezipeleri ýerine ýetirmek üçin iş amallaryny geçirýär. Kärhana “Esaslandyryjynyň” düzüminde bolmak bilen, bankda hasaplaşyk hasaby, Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy (gerbi) şekillendirilen, “Esaslandyryjynyň” ady we öz ady ýazylan möhüri, künjek basmaçasy we resmi kagyzy bar bolan özbaşdak edara görnüşindäki tarapdyr.Onuň aýrybaşgalanan emlägi, özbaşdak deňleme sanawy bar.

Awtoulaglaryň önümçilikde netijeli işlemeginiň ýollaryny gözlemek we ösdürmek. Şeýlelikde Türkmenistanyň Nebitgaz toplumyna degişli hem-de gaýry edaralara şertnama esasynda  awtoulag serişdeleri ýük,ýeňil we ýörite awtoulag serişdeleri bilen hem-de awtobus ulagy bilen adamlary gatnatmakda awtoulag hyzmatlaryny amala aşyrýar.

 

Salgysy: Ahal welaýaty Sarahs etraby Döwletabat şäherçesi.

Telefon belgisi:  +993134-22-6-84

Faks: +993134-22-7-05

Elektron poçtasy : dovletabadgazchykarysh@turkmengaz.gov.tm

           



Edaralarymyz