744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
“Lebapgazçykaryş” müdirligi

Lebap welaýatynyň çäginde «Türkmengaz» döwlet konsernine degişli bolan “Lebapgazçykaryş” müdirligi esasan hem ýerasty baýlyklary ýagny tebigy gazy we gaz kondensady çykarmak hem-de gaz gysyjy desgalar arkaly gazy alyjylara akdyrmak bilen bagly önümçilik işlerini alyp barýar. 

“Lebapgazçykaryş” müdirligiň düzüminde jemi 7 sany önümçilik bölekleri, ýagny Gazy çykarmak we ugratmak boýunça Naýyp liniýa önümçilik bölegi, Gazy çykarmak we ugratmak boýunça Demirgazyk Balguýy liniýa önümçilik bölegi, Gazy çykarmak we ugratmak boýunça Kükürtli liniýa önümçilik bölegi, Ýaşaýyş jaý ulanyş bölegi, Ulanyş enjamlary sozuş-bejeriş bölegi, Gaz guýylaryny düýpli we ýerasty bejeriş bölegi, Ulaglar kärhanasy bar bolup, agzalan edara-kärhanalar Darganata etrabynyň çäginde ýerleşýär. 

Şeýle-de müdirligiň düzümindäki gaz çykaryjy böleklerde gazy kükürtden amin arkaly arassalaýjy, gazy guradyjy,  gazy gysyjy hem-de  azot-kislorod öndüriji desgalar bar. Agzalan gaz  desgalar bellenen tilsimat iş düzgünleriniň (reglament) talaplaryna laýyklykda işledilýär. 

Müdirligimiziň 3 sany gazçykaryş bölekleri barada aýdanymyzda, ýagny Naýyp, Demirgazyk Balguýy hem-de Kükürtli liniýa önümçilik böleklerinde  jemi 21 sany gaz ýataklary  bolmagy bilen,  Darganata etrabynyň çäginde ýerleýän Ojak gaz ýatagy 1966-njy ýylda, Kükürtli gaz ýatagy 1970-nji ýylda, Naýyp gaz ýatagy 1972-nji ýylda, Demirgazyk Ojak gaz ýatagy 1972-nji ýylda (häzirki wagtda temmelemede), Demirgazyk Naýyp gaz ýatagy 1976-njy ýylda, Kerpiçli gaz ýatagy 1978-nji ýylda, Böwürdeşik gaz ýatagy 1980-nji ýylda, Demirgazyk Balguýy gaz käni 1984-nji ýylda, Balguýy gaz ýatagy 2004-nji ýylda, Gazly-depe gaz ýatagy 2004-nji ýylda, Demirgazyk Kerpiçli gaz ýatagy  2006-njy ýylda, Izmaýyl gaz ýatagy 2009-njy ýylda, Kerwen we Baba-arap gaz ýataklary 2012-nji ýylda, Saýat etrabynyň çaginde ýerleşýän Sakar gaz ýatagy 1978-nji ýylda, Çärjew etrabynyň çaginde ýerleşýän  Malaý gaz ýatagy 1986-njy  ýylda, Bagaja gaz ýatagy 1990-njy ýylda, Farap gaz ýatagy 1993-nji ýylda, Çartak gaz ýatagy 2002-nji ýylda, Täjibäý gaz ýatagy 2019-njy ýylda, Agarguýy gaz ýatagy 2021-nji ýylda işe goýberildi. 

Malaý, Çartak we Täjibaý gaz ýataklarynyň gazy taslama kuwwatlygy 45,0 mln m3 bolan täze gurlup, 2021-nji ýylyň ýanwar ulanylmaga berlen Malaý gaz gysyjy desganyň “A” sehiniň agregatlary bilen sordurylyp, taslama kuwwatlygy gije-gündizde göwrümi 50 mln.m3 bolan gazy guradyjy desgada dietilenglikol himiki serişdesi arkaly arassalanyp, “Gündogargazakdyryş” müdirligine degişli Malaý-Bagtyýarlyk gaz geçirijisiniň üsti bilen eksport ugra akdyrylýar.  “B” sehiniň agregatlary bolsa Üçajy, Ýolguýy gaz ýataklarynyň we Garagum gaz gysyjy desgadan goýberilýän tebigy gazy sorup, başyşyny ýokarlandyryp Malaý-Bagtyýarlyk gazgeçirijisine, ýagny eksport ugra akdyrýar. 

Şeýle-de, Naýyp gaz gysyjy desgasynda häzirki wagtda her biriniň taslama kuwwatlygy gije-gündizde 4,500 mln m3 bolan jemi 4 sany (GGA №7,10,11,13) gaz gysyjy agregatlary işläp, olardan 3 sanysy Naýyp suwuklandyrylan gazy öndürýän desgalar toplumynda gaýtadan işlenen gazy sorup, gazy ölçeýji hatarlaryň üsti bilen “Daşoguzgazakdyryş” müdirliginiň gazgeçirjisine akdyrýar. 1 sany GGA №10 Naýyp, Demirgazyk Naýyp hem-de Izmaýyl gaz ýataklaryň gazyny sorup, Naýyp suwuklandyrylan gazy önderýän desgalar toplumyna çig mal hökmünde akdyrýar.

Kerpiçli gaz ýatagynda bolsa 4 sany (GGA №5,6,7,8) gaz gysyjy agregatlary bolup (GGA №5,6 taslama kuwwatlygy 7,500 mln m3,  GGA №7,8 taslama kuwwatlygy 6,500 mln m3), olardan 2 sanysy ätiýaçlykda saklanyp goýulyp, 2 sany iş ýagdaýyndaky gaz gysyjy agregatlar Böwürdeşik, Kerpiçli, Kükürtli, Demirgazyk Balguýy gaz ýataklaryň gazyny hem-de “Daşoguzgazakdyryş” müdirligine degişli gazgeçirijileriň ugrundaky “Çöllük” önümçilik edarasynyň golaýyndaky ölçeýji nokatdan  goýberilýän tebigy gazy sorup, Kerpiçli-Naýyp gaz geçirijisi arkaly Naýyp suwuklandyrylan gazy öndürýän desgalar toplumyna çig mal hökmünde  akdyrýar.

Demirgazyk Balguýy gaz ýatagynda gazy toplumlaýyn taýýarlaýan desgasynda taslama kuwwatlygy gije-gündizde göwrümi 6 mln m3-lyk gazy kükürtden amin arkaly arassalaýjy desga bolup, onda Gazlydepe, Balguýy gaz ýataklardan gelýän kükürtli gazlaryny himiki serişde bolan amin ergini arkaly arassalaýjy desgada kükürtden arassalanyp, Demirgazyk Balguýy gaz ýatagynyň kükürtsiz böleginiň gazy Kerwen-Babaarap gaz ýataklarynyň gazy bilen bilelikde  Demirgazyk Balguýy-Kerpiçli gaz geçirijisi arkaly Kerpiçli GGD-na akdyrylýar. 

Kükürtli gaz ýatagynda gazy toplumlaýyn taýýarlaýjy desgasynda taslama kuwwatlygy  gije-gündizde göwrümi 6 mln.m3-lyk gazy kükürtden amin arkaly arassalaýjy desga bolup,  himiki serişde bolan amin ergini arkaly gazy kükürtden arassalap, Kükürtli-Demirgazyk Balguýy-Kerpiçli  gaz geçirijisi arkaly Kerpiçli GGD-na akdyrylýar. Kükürtsiz zolagynyň gazy Darganata etrabynyň çägindäki ilata goýberilýär. 

Bagaja gaz ýatagynyň gazy Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirligine degişli Bagaja kükürtden gazy arassalaýan we suwuklandyrylan gazy önderýän desgalar toplumynda arassalanyp, suwuk gaz öndürmek bilen, gaýtadan işlenenden soň “Gündogargazakdyryş” müdirliginiň gazgeçirijisine, ýagny içerki sarp edijiler üçin akdyrylýar.  

2024-nji ýylda hem-de geljek ýyllarda müdirligiň önümçilik iş meýilnamalarynyň artygy bilen ýerine ýetirilmegini, işiniň kämilleşdirilmegini, maliýe ýagdaýynyň gowulandyrylmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işlerde çig mal we zähmet resurslary rasional hem-de netijeli peýdalanmak, öndürilýän önümiň özüne düşýän gymmatynyň harajatlaryny azaltmak  hem-de gaz ýataklarynyň birnäçe ýyllardan bäri ulanyşda bolup, ýerasty gatlak basyşynyň ýyl-ýyldan pese gaçmagy bilen onuň önüm berijiligi hem aşaklaýandygy sebäpli, çykarylýan gazyň we gaz kondensatynyň möçberlerini gaz gysyjy desgalaryň kömegi bilen artdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. 

 

Salgysy: “Türkmengaz” Döwlet Konserni “Lebapgazçykaryş” müdirligi Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Magtymguly Pyragy köçesi 72-nji jaýy.

Telefon belgisi: (+993422) 3-73-12, 3-72-05

Faks: 3-73-12, 3-74-55

Elektron poçtasy: lgch@turkmengaz.gov.tm