744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
Ulaglar kärhanasy

“Lebapgazçykaryş” müdirliginiň,  Ulaglar kärhanasy

Ulaglar kärhanasy Türkmenistanyň “Kärhanalar hakyndaky” kanuna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryna, görkezmelerine we beýleki hereket edýän kanunlaryna, “Türkmengaz” döwlet konserniniň buýruklaryna, “Lebapgazçykaryş” müdirliginiň buýrugyna we öz Tertipnamasyna laýyklykda iş alyp barýar.

Kärhana ozal, Tehnologiýa transport kärhanasy ady bilen Lebap welaýatynyň statistika uprawleniýasy tarapyndan 1996-njy ýylyň noýabr aýynda şahadatnama bilen ilkinji gezek hasaba alnan.

Kärhana Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň edara görnüşindäki talaplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirliginde 2009-njy ýylda şahadatnama bilen hasaba alynan Ulaglar kärhanasynyň ähli hukuklarynyň we borçlarynyň hukuk oruntutary hasaplanýar.

Kärhananyň ýokary guramasy Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Edara görnüşindäki talaplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirliginde hasaba alynan “Lebapgazçykaryş” müdirligidir.

Kärhananyň düzümine girýärler:

-1-nji awtotoplum

-2-nji awtotoplum

-3-nji awtotoplum

-4-nji awtotoplum

-Traktor toplumy

Kärhananyň esasy iş görnüşleri:

-Ýük awtoulag ulaglarynyň işi we göçmek üçin transport hyzmatlary

-Ýük awtoulag ulaglarynyň işi

-Göçmek boýunça ulag hyzmaty

-Düzüminde howply maddalary we partlama-ýangyn howply önümleri saklaýan önümleri awtomobil ulagy bilen daşamakda senagat howpsuzlygy boýunça (TDS-19433) laýyklykda “Howply ýükler toparlara bölmek we belliklemek” we “Awtomobil ulagy bilen howply ýükleri daşamagyň tertibi”

-Beýleki kömekçi ulaglaryň işi.

Ulaglar kärhanasy “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky ähli edara –kärhanalara hem-de “Lebapgazçykaryş” müdirliginiň garamagyndaky Ýaşaýyş jaý ulanyş bölegi, Guýulary düýpli we Ýerasty bejeriş bölegi, Kükürtli liniýa önümçilik bölegi, Balguýy liniýa önümçilik bölegi, Naýyp liniýa önümçilik bölegi we Ulanyş enjamlary sozuş we bejeriş böleklerine awtoulag hyzmatlary bilen üpjün edýär.

 

 

Salgysy: Darganata etraby Gazojak şäheri K.Sazakow köçesi jaý 24.

Telefon: 800 445 5-13-00

Faks belgisi: 800 445 5-07-13

Elektron poçtasy: ýok



Edaralarymyz