744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
“Türkmengazawtomatika” müdirligi

"Türkmengazawtomatika" müdirliginiň öňünde goýulan wezipeleri:
Nebitgaz toplumynyň ýokary tehnologiýalaryna esaslandyrylan iri möçberli desgalaryna döwrebap, ýokary hilli tehniki hyzmatlary amala aşyrmak, desgalarda gurnalan döwrebap enjamlara hemişe gözegçilik etmek wedolandyrmak, şeýle-de olarda  hyzmat etmeli ökde hünärmenleri taýýarlap hünär derejelerini kämilleşdirmek.

Müdirlik işiň şu esasy ugurlaryny ýerine ýetirmäge ýöriteleşdirilendir:
- BÖAweA ulgamlaryny gurnamak we işe taýýarlamak;
- BÖAweA ulgamlaryny bejermek we olara tehniki taýdan hyzmat etmek;
- Ölçeg serişdelerini barlamak we kalibrlemek;
- Ölçegleriň bitewiligini we talap edilýän takyklygyny üpjün etmek, synaglaryň, gözegçiligiň we ölçegleriň tehniki taýdan derejesini ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek;
- Önümçiligiň metrologiýa üpjünçiligini kämilleşdirmek;
- Ölçegleriň, synaglaryň we gözegçiligiň döwrebap usullaryny hem serişdelerini girizmek;
- Ulanyşdaky ölçeg serişdeleriniň barlagyny we bejerilmegini guramak hem geçirmek;
- Elektrik enjamlary we ýokary woltly elektrik geçiriji howa liniýalary sökmek, gurnamak, işe taýýarlamak we bejermek işleri;
- Ýokary woltly elektlrik beketlere tehniki taýdan hyzmat etmek;
- Desgalarda gurnalan elektrik hereketlendirijileri bejermek;
- Elektrik enjamlaryň ýere birikmesiniň ýapyk zynjyrynyň garşylygyny we elektrik geçiriji kabelleriň daşky örtük garşylygyny ölçemek;
- Metallary we kebşirlenen sepleriniň
gurluşyny bozman hilini barlamak usullary (ultrases defektoskopiýa arkaly kemçiliklerini ýüze çykarmak, galyňlygyny ölçemek, gatylygyny ölçemek, rentgen şöhleleri bilen barlag geçirmek, akustika-emissiýa usuly bilen barlaglary geçirmek);

"Türkmengazawtomatika" müdirliginiň işleýiş düzgünleri:
- Nebitgaz toplumyna degişli desgalarda hyzmatlary amala aşyrmak üçin buýrujylar bilen şertnamalaýyn borçnamalary gyşarnyksyz ýerine ýetirýär.
- Her bir buýrujy bilen ylalaşyp potrat işleriniň ýyllyk meýilnamasyny tassyklap iş görnüşleriň talaplaryna laýyklykda doly möçberde işleri alyp barýar.
- Elektroenergetika we defektoskopiýa ugurlary boýunça ygtyýarlandyrylan edara bolup gaýry önümçilik kärhanalary bilen şertnamalaýyn işleri talaba laýyk alyp barýar.

 

 

Salgy: Aşgabat ş, S.Seýdi köç.1-nji jaý

Telefon: 92-41-22

Fax: 92-41-22

Elektron poçtasy: awtomatika@turkmengaz.gov.tm