744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
“Oguzhan” hokkeý kluby

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek hem-de ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek arkaly beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012 –nji ýylyň 10-njy fewralyndaky çykaran 12045 belgili kararyna esaslanyp, “Türkmengaz” DK-niň 2012-nji ýylyň mart aýynyň 16-na çykaran 49-njy buýrugynyň esasynda “Türkmengazawtomatika” müdirliginde  2012-nji ýylyň mart aýynda “Oguzhan” hokkeý kluby döredildi.

Her ýaryşda üstünlikli çykyş etmek maksady bilen, her ýylyň tomus möwsüminde “Oguzhan” hokkeý kluby öz oýunçylaryny daşary ýurtlarda okuw-türgenleşik ýygnanşygyny  geçirip  oýunçylaryň tejribelerini artdyrýarlar.

Türkmenistanda sportuň gyşky görnüşleri boýunça ýaryşlary guramaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda ýetginjekleriň arasynda  hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryş gurnaldy, “Oguzhan” hokkeý topary hem gatnaşdy we III ýere mynasyp boldy.

2013-nji ýylda “Oguzhan” hokkeý klubynyň topary Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşynda hem gatnaşyp 2-nji ýer eýeläp sylaglara mynasyp boldy.

2013-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen hokkeý boýunça birinjiligi almak ugrundaky ýaryşyna gatnaşyp “Oguzhan” hokkeý klubynyň topary ynamly ýeňiş gazandy we altyn medallar gowşuryldy.

2013-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginde hokkeý boýunça geçirilen ýaryşda öz ussatlyklaryny görkezip “Oguzhan” hokkeý topary 1-nji ýere mynasyp boldular.

2014-nji ýylda “Oguzhan” hokkeý klubynyň topary Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçirilen ýaryşda Garaşsyzlyk kubogynyň eýesi boldy.

2016-nji ýylda “Oguzhan” hokkeý klubynyň topary Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp geçirilen ýaryşynda hem gatnaşyp ýeňiş gazandy.

2016-njy ýylda geçirilen “Altyn şaýba 2016” ýaryşynda 2-nji orna eýe boldy.

2017-nji ýylda  Aşgabat şäheriniň birinjiligini almak ugrundaky “ Aşgabat 2017”  ýaryşynda  “Oguzhan” hokkeý klubynyň  orta we kiçi topary 2-nji orna eýe boldylar.

2018-nji ýylda  Aşgabat şäheriniň birinjiligini almak ugrundaky “ Aşgabat 2018”  ýaryşynda  “Oguzhan” hokkeý klubynyň   kiçi topary 2-nji orna eýe boldy.

2019-njy ýyl möwsüm üçin hokkeý boýunça çagalar (2005-2010) toparyň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşda “Oguzhan” hokkeý klubynyň   kiçi topary 2-nji orna eýe boldy.

2019-njy ýyl möwsüm üçin hokkeý boýunça ýetginjekleriň (2003-2004) toparyň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşda “Oguzhan” hokkeý klubynyň   orta  topary 3-nji orna eýe boldy.

      



Edaralarymyz