744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
Önümçilik desgalaryny üpjünleýiş müdirligi

Ol ilki başda Aşgabat şäheriniň hasabatlar müdirligi tarapyndan 22.08.1996-njy ýylda berlen №10197 şahadatnamasy esasynda  “Türkmengaz” döwlet konserniniň Maddy-tehniki serişdeler we üpjünleýiş müdirligi hökmünde hasaba alyndy.“Türkmengaz” döwlet konserniniň 2006-njy ýylyň Ýanwar aýynyň 02-den 04/Ö belgili buýrugy bilen Önümçilik desgalaryny üpjünleýiş müdirligi diýip atlandyrylan. 

Önümçilik desgalaryny üpjünleýiş müdirligiň garamagynda 3 (sany) degişli bazalar bolup olar:

Marydaky  №2  BAZA

Änewdäki  №3   BAZA

Lebapdaky №4  BAZA

Önümçilik desgalaryny üpjünleýiş müdirligi “Türkmengaz” döwlet konserniniň desgalaryny we kärhanalaryny maddy-tehniki taýdan üpjün etmek lomaý bölekleýin söwda işini alyp barmaklyk bilen, gurulýan we durky täzelenýän gaz çykarýan hem-de gazy gaýtadan işleýän desgalaryna zerur bolan  enjamlary daşary ýurt kompaniýalar we ýerli öndürjileriň gatnaşmaklygynda maddy tehniki taýdan toplumlaýyn üpjün etmeklik bolup durýar. Türkmenistanda öndürilen önümler (gurluşyk, ýangyç-çalgy materiallary, dokma önümleri we tehniki önümleriň beýleki görnüşleri) bilen üpjün etmeklik boýunça işleri alyp barýar. Önümçilik desgalaryny üpjünleýiş müdirligi öňünde goýulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen baglaşylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişine we önümler bilen üpjün edilişi babatda gözegçiligi alyp barýar, şeýle hem daşary ýurt iri öndüriji kompaniýalar bilen, halakara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet beriýär.  Maddy-tehniki üpjünçiligiň meseleleri boýunça “Türkmengaz” döwlet konsernina wekilçilik edýär we Türkmenistanyň döwlet edaralrynda we daşary ýurtlarda onuň adyndan wekilçilik edýär. Türkmenistanyň edaralary we ýerli öndürijiler bilen, “Türkmengaz” döwlet konserniniň rugsady esasynda şertnamalary we ylalaşyklary baglanyşýar; daşary ykdysady işleri, halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda mady-tehniki baýlyklaryň çykarymy boýunça teklipleri işläp taýýarlamaga degişli işleri geçirýär, daşary ýurt öndürijiler bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň bäsleşik iş toparynyň karary we halkara bäsleşikleriniň ýeňijilerini kesgitlemek boýunça bilermenler toparynyň netijenamasy hem-de Ministrler Kabinetiniň ygtyýarnamasy esasynda şertnamalary baglanyşýar. “Türkmengaz” döwlet konserniniň önümçilik kärhanalaryny mady-tehniki önümler bilen gije gündiziň dowamynda üpjün etmek, önümleri kärhanalara paýlamagyň meselelerini çalt çözmek maksady bilen, müdirlik harytlaryň materiýal taýdan üpjün ediş binýatlarynda (bazalaryndan) öz wagtynda göýberilmegine gözegçilik edýär.

Maddy-tehniki taýdan üpjün etmeklik boýunça bäsleşiklere gatnaşmaklyk üçin isleg bildirýän kompaniýalar gerekli maglumatlary turkmengaz.gov.tm we oilgas.gov.tm salgydan alyp bilersiňiz.

 

Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil (1939) şaýoly, 56-njy jaýy Nebitgaz toplumynyň  adminstratiw binasynyň 13-nji gatynda ýerleşýär

Telefon: +993 (12) 40-37-47

Faks: +993 (12) 40-37-45   

Elektron poçtasy: odum@turkmengaz.gov.tm