744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
Lebapdaky №4 baza

Baza hojalygy hasaplaşykly ýörelgelerden hereket edýän edara bolmak bilen düzümindäki bölekleriň ýa-da meýdançalaryň alyp barýan işlerini utgaşdyrýar we onuň esasy wezipeleri şu aşakdakylardan ybarat bolup durýar.  Müdiriligiň desgalaryny maddy-tehniki taýdan üpjün edýär. Önümçilik  tehniki maksatlar üçin  niýetlenen önümlere  bolan isleglerini kanagatlandyrýar, şol sanda,  Türkmeniostanyň kanunçylygyna ters gelmeýän şertlerde kömekçi hojalygyny ýöretmek, abatlaýyş we gurluşyk işlerini lomaý –bölek söwdany hem-de dellalçylyk işini alyp braýar.

«Türkmengaz» Döwlet konserniň kärhanalaryny «Türkmengaz» Döwlet konserni bilen  iberjileriň  baglaşylan  şertnamalary  we gepleşikleri arkaly gelip düşýän önümçilik –tehniki serişdeleri bilen üpjin etmegi ýerinde ýetirýär.

Şertnamanyň şertleriniň wagtlty-wagtynda ýerinde  ýetirilmegini gazanýar şertnama borçnamalaryň önümi kabul etmek böleginiň ýerine ýetirilmeginine jogapkärçilik çekýär. Önümçilik bölümlerinde we ambarlarynda maddy-tehniki serişdelerini saklanyş ýagdaýyna gözegçilik edýärş, maddy-tehniki enjamlaryň ýerlikli ulanylmagyny üpjin edýär.

Gelýän önümleriň ýetmezçilikşgi ýada olaryň hil görkezijilerine we kadalara laýyk gelmezligi babatda talap bildiriş maglumatlaryny çözgüt kabul etmek üçin müdirliger iberilýär.

Baza işgärleri taýýarlmak, hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak işlerini gurnamagyň, işgärleriň hünär derejesini synagdan geçirmekligiň , degişli wezipeleriň hünär talapnamalarynyň tertiplerini  tassyklaýar.

 

 Salgysy: Türkmenabat şäheri, Zerger 2-nji Senagat zolagynyň 33/3-nji jaýy

 Telefon belgisi: (+993422)7-97-37, 7-97-17

 Faks: 7-97-33

 Elektron poçtasy: odum@turkmengaz.gov.tm