744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
“Türkmenýöritenebitgazgurnama” Ýöriteleşdirilen Gurnama Tresti

“Türkmenýöritenebitgazgurnama” ýöriteleşdirilen gurnama tresti, Türkmenistanyň Nebit we gaz Ministrliginiň 1993-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky, 109 belgili buýrugy esasynda döredildi.

Trest ilkinji gezek 1994-nji ýylyň 01-nji martyndaky 40003212 belgisi bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky daşary ýurt inwestisiýa baradaky döwlet agentligi tarapyndan Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň “Türkmenýöritenebitgazgurnama” ýöriteleşdirilen gurnama tresti ady bilen hasaba alyndy.

“Türkmenýöritenebitgazgurnama” ýöriteleşdirilen gurnama trestiniň esaslandyrjysy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ýuridik şahyslary we maýa goýum taslamalary döwlet tarapyndan bellige almak bölümi tarapyndan 2021-nji ýylyň 04-nji oktýabyrynda, 25817597 belgisi bilen bellige alynan. “Türkmenýöritenebitgazgurnama” ýöriteleşdirilen gurnama tresti döwlet eýeçiligine esaslanýan ýeke-täk önümçilik-hojalyk toplumydyr.

“Türkmenýöritenebitgazgurnama” ýöriteleşdirilen gurnama tresti önümçiligi dolandyrmakda we hojalyk işlerinde doly hojalyk özbaşdaklygy bardyr. “Türkmenýöritenebitgazgurnama” ýöriteleşdirilen gurnama tresti Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmrnistanyň kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna, Türkmenistanyň Ministerler Kabinetiniň kararlaryna, “Türkmengaz” döwlet konserniň buýruklarna şeýle hem şu tertipnamada goldanylýar. “Türkmenýöritenebitgazgurnama” ýöriteleşdirilen gurnama trestiniň guramaçylyk gurluşyk işleri “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan tassyklanylýar.
“Türkmenýöritenebitgazgurnama” ýöriteleşdirilen gurnama tresti ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň laýyklykda işiň bir ýa-da birnäçe görnüşini amala aşyrmaga haklydyr, trest ygtyýarlandyrylmagy, sertifkatlaşdyrylmagy we beýleki rugsat beriji resminamalaryň alynmagy talap edilýän işleriň görnüşleri bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarnama, sertifkat we beýleki rugsat resminamalary alandon soň meşgullanyp bilýär. “Türkmenýöritenebitgazgurnama” ýöriteleşdirilen gurnama tresti guramalar we kärhanalar bilen şertnamalary we ylalaşyklary baglaşmak, Türkmenistanyň kanunlaryna garşy gelmeýän emläkleýin we emläkleýin däl hukuklaryny edinmek, bankyň karzlaryndan peýdalanmak; özbaşdak bölümleriniň işlerine gözegçiligi amala aşyrmak; gurluşyk önümleriniň gurluşygynyň we öndürülişiniň hiline gözegçiligi amala aşyrmak; trestiň emläginiň netijeli peýdalanylmagyna we abatlygyna gözegçiligini amala aşyrýar we zähmet topary bilen goşmaça höweslendiriş çärelerini görmek we Trestiň işgärleriniň sosial-durmuş şertlerini gowylandyrmak barada toparlaýyn şertnamasyny baglaşýar.
“Türkmenýöritenebitgazgurnama” ýöriteleşdirilen gurnama tresti öz işlerini Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna laýyklykda amala aşyrmagy we hojalygy alyp barmagy hojalyk hasaplaşygyny dolandyrmagyň görnüşleriniň we usulýetleriniň kämilleşdirilmegini üpjün edýär, hünärmenleriň taýarlygyny, täzeden taýarlygyny we hünärlerini ýokarlandyrmaga wezipe boýunça hünärmenler taýarlap düzýär. “Türkmenýöritenebitgazgurnama” ýöriteleşdirilen gurnama tresti jemleýji edarasy bolup durýar, onuň
garamagynda:
- 1-nji Ýöriteleşdirilen gurnama edarasy;
- 2-nji Ýöriteleşdirilen gurnama edarasy;
- 3-nji Ýöriteleşdirilen gurnama edarasy;
- 5-nji Ýöriteleşdirilen gurnama dolandyryş edarsy;
- Önümçilik tehnologik jemleýji edarasy;
- Gurulýan desgalaryň dreksiýasy;
“Türkmenýöritenebitgazgurnama” ýöriteleşdirilen gurnama trestine degişlidir. Ýokarda görkezilen edaralar işiň bir ýada birnäçe görnüşini amala aşyrýar we edilen işleriň sanowny maglumatlarny trestiň garamagyna ugradýar.
 

Salgysy: Aşgabat şäheri Arçabil (1939) şaýoly 58.

Telefon belgisi:  (+99312) 44-06-03

 Faks: (+99312) 44-19-18

Elektron poçtasy: tyngg@turkmengaz.gov.tm