“Türkmengaz” DK zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça açyk tender yglan edýär.
Tendere diňe haryt öndürijileri bolan gatnaşyjylar gatnaşyp bilerler (tender resminamalarynda bellenilen beýleki talaplara laýyk gelmek şerti bilen):
Lot № 3 - “Umumy zawod enjamlary”;
Lot № 5 - "Tehnologiýa enjamlary".
Bäsleşige gatnaşmak üçin Aşgabat ş. 1939, Arçabil şaýoly, 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK salgysy boýunça:
Bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin ABŞ-nyň 500 (bäş ýüz) dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Ähli zerur maglumatlary http://www. turkmengaz.gov.tm, http://www.oilgas.gov.tm salgydan ýükläp ýa-da aşakda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.
Elektron salgysy: info@turkmengaz.gov.tm.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
40- 37-45 (факс), 40-37-39,40-37-40, 40-37-41, 40-37-42
Tendere gatnaşmak üçin teklipler 28.01.2026 ý. ýerli wagt bilen sagat 15:00-a çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler.
Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap, bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen (kotirowkaly), degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy häsiýetnamasynyň (Word görnüşde) elektron görnüşi we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.
Elektron salgysy: info@turkmengaz.gov.tm.
odum@turkmengaz.gov.tm.
“Türkmengaz” DK internet saýtynyň salgysy: http://www.oilgas.gov.tm