744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
15.06.2026
-24.07.2026

Hormatly jenaplar!

«Türkmengaz» döwlet konserni tender toparynyň adyndan potratçyny saýlap almak boýunça halkara tender yglan edýär:

 

«Gaz geçirijileriniň turbanyň içindäki diagnotika hyzmatlaryny etmek boýunça».

 

Sizi Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56 salgysynda ýerleşýän «Türkmengaz» döwlet konserniniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdiriýetiniň 17.24a otagyna aşakdakylary ýerine ýetirmek üçin çagyrýarys:

Tendere gatnaşmaga isleg bildirilýän we gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, bellige alnan ýurdy, bank rekwizitleri hem-de kompaniýanyň işi barada maglumatlar (esasy iş ugurlary, meňzeş taslamalardaky iş tejribesi we ş.m.) görkezilen ýazmaça arzany tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda bellige alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arza kabul edilmeýär);

«Döwlet zerurlyklary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyşmaly;

GBS (Goşulan Baha Salgydy) hasaba almak bilen 1725 ABŞ dollary möçberinde ýa-da onuň manat ekwiwalentindäki serişdeleri tölemek üçin hasap-fakturany almaly;

Tender teklipleri «Bitarap Türkmenistan» gazetinde bildiriş resmi taýdan çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, ýöne 30-njy iş gününiň ýerli wagt boýunça sagat 16:00-dan gijä galman kabul edilýär;

Ýokarda görkezilen möhletden giç gowşan teklipler kabul edilmejekdir;

Tender teklipli buketler ýokarda görkezilen salga getirilmelidir;

Bellik: Tender resminamalarynyň doly toplumy diňe tender gatanç pesi tölenenden soň berilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40; 40-32-50,

faks: (+99312) 40-32-59.