Ýaýlandurdy Pirliýew Hojambaz etrabyndaky 4-nji orta mekdepde okap ýören ýyllarynda ykbalyny daşky gurşawy goramak bilen baglanyşdyrmagy ýüreginde besläpdi. Şol çagalyk arzuwyna ýetmek üçin orta mekdebi tamamlandan soňra gidromeliorasiýa ugrundan orta hünäri ele aldy. Okuwyny tamamlap, 1988-nji ýylda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna işe geldi. Ine, şondan bäri hem bu iri kärhanada zähmet çekýär. Özi-de bu önümçiligiň möhüm bölümlerniň birine — kärhananyň merkezi barlaghanasyna 2001-nji ýyldan bäri başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edip gelýär.
— Ilki IV derejeli operator bolup işläp başladym, soňra önümçiliktehniki bölüminde dürli wezipelerde zähmet çekdim. Işimiň daşyndan Moskwanyň döwlet azyk uniwersitetini gaýybana tamamlap, ýokary hünärli boldum. Bu bolsa maňa daşky gurşawy goramak, önümçilik sanitariýasy ugry boýunça çagalykda arzuw eden kärime eýe bolmagym üçin esas bol¬dy — di¬ýip, Ýaý¬lan-durdy manyly ömrüniň geçen ýyllaryny höwes bilen ýatlaýar.
Gündogar welaýatyň bu iri senagat kärhanasyna gaýtadan işlemek üçin ýurdumyzyň nebitdir gaz känlerinden çig nebit we gaz kondensaty gelip gowuşýar. Şu ýerden hem merkezi barlaghananyň hünärmenleriniň jogapkärli işleri başlanýar. Olar gelip gowşan çig mallaryň giriş barlagyny amala aşyrýarlar. Şeýle işler çig mallar önümçilik bölümlerinde gaýtadan işlenilende hem-de taýýar önümleriň hil gözegçiligini geçirmäge we pasportlaşdyrmaga çenli üznüksiz dowam etdirilýär.
Gürrüňdeşimiz bu beýan edilenleriň heniz alnyp barylýan işleriň hemmesi däldigini aýratyn nygtaýar. Sebäbi daşky gurşawy goramak meselesi çylşyrymly önümçiligiň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Olaryň hataryna kärhana we Seýdi şäherine berilýän suwuň hilini barlamak hem girýär. Barlaghana tarapyndan agyz hem-de tehniki maksatly suwlaryň hili gündelik gözegçilikde saklanylýar. Şeýle-de lagym suwlarynyň edilýän talaplara laýyk gelmegine-de gözegçilik edilýär.
— Önümçilikde hadysasyz işlenilmeginde, öndürilýän önümleriň hiliniň ýokary bolmagynda merkezi barlaghananyň işgärleriniň mynasyp zähmet paýy bar. Barlaghananyň düzüminde bölümleriň ikisi bolup, olar çig mallara we harytlyk nebit önümlerine gözegçilik edýän, şeýle-de tebigaty goramak we önümçilik sanitariýasy ýaly bölümlere bölünýär. Atlary agzalan bölümlere köpýyllyk iş tejribesi bolan Aýsere Rozyýewa we Mähri Saparklyçewa başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edýärler. Ýeri gelende merkezi barlaghananyň işgärleriniň köp böleginiň aýal-gyzlardygy bellärliklidir.
Ýaýlandurdy Pirliýew agzybir we başarjaň hünärmenlere ýolbaşçylyk edip, nebiti gaýtadan işleýjileriň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşlerine goşandynyň saldamly bolmagyna mynasyp goşant goşýar. Onuň uzak ýyllaryň dowamynda ak ýürekden, ýokary netijeli çeken zähmetine döwletimiz tarapyndan mynasyp baha berildi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy. Ýaýlandurdy bu ýokary sylagyň özüni has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýandygyny buýsanç bilen nygtaýar.
Çeşme: «Nebit-Gaz» gazeti