744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak — Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüşinde täze ugur
30.10.2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2019–2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy” ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda döwrebap sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ugurda ýurdumyzyň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolan “Türkmennebit” döwlet konserninde hem sanly dolandyryş gurşawyny pugtalandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.

Resmi maglumatlara görä, konserniň düzümindäki kärhanalara önümçilik maglumatlaryny toplamak, seljermek we elektron maglumat ulgamynyň üsti bilen dolandyrmak boýunça döwrebap platformalar ornaşdyrylýar. Şeýle sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, işgärleriň maglumat akymy boýunça işini awtomatlaşdyrmaga hem-de dolandyryş kararlarynyň çalt kabul edilmegine şert döredýär.

Häzirki wagtda “Türkmennebit” döwlet konserninde sanly çözgütleriň kömegi bilen önümçiligiň ähli tapgyrlarynda maglumatlaryň takyklygy üpjün edilýär. Nebit-gaz çykaryş, gaýtadan işlemek, üpjünçilik we hyzmat ugurlary boýunça maglumatlaryň bitewi bazasy döredilip, her bir önümçilik tapgyry boýunça hasabatlylyk sanly görnüşde ýola goýulýar. Konsernde sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagynyň netijesinde, dolandyryş ulgamy häzirki zamanyň dünýä tejribesine laýyklykda işläp başlady.

Sanly gurşawyň ösdürilmegi diňe bir önümçilikde däl, eýsem, işgärleriň hünär taýýarlygynda hem täze mümkinçilikleri döredýär. Konsernde alnyp barylýan bu işler ýurdumyzyň sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny üstünlikli amala aşyrmaga uly goşant goşýar. “Türkmennebit” döwlet konserniniň alyp barýan sanly özgertmeleri ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň täze tapgyry hökmünde aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Hudaýberdi Ýowbagşyýew,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi

 

Çeşme: "Türkmennebit" Döwlet korserni