Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda energetika syýasaty giň gerime eýe bolýar. Nebitgaz pudagyny ösdürmek we ony halkara energetika ulgamyna has işjeň goşmak maksady bilen toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Uglewodorod serişdelerini çykarmak, gaýtadan işlemek we eksport etmek boýunça uly taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Nebitgaz serişdeleri boýunça baý sebitleriň biri bolan Balkan welaýaty bu ugurda möhüm orny eýeleýär. Bu ýerde ýerleşýän känlerde alnyp barylýan gazyp alyş we senagat taýdan özleşdirme işleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň degişli dolandyryş edaralary, burawlaýyş hem-de abatlaýyş gulluklary tarapyndan amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda pudaga häzirki zaman tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar.
Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ätiýaçlyklary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hatarynda orun alýar. Şonuň üçin hem milli ykdysadyýetiň esas sütüni hasaplanýan nebitgaz toplumynyň durnukly ösüşine aýratyn ähmiýet berilýär.
Şeýle hem, şu ýylyň sentýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy ykdysady ösüşe möhüm itergi berdi. Bu forum ýurduň senagat kuwwatyny artdyrmak, önümçiligi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, halkara bazarlarda islegli harytlaryň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak we öňden bar bolan kärhanalaryň mümkinçiliklerini giňeltmek ýaly strategik maksatlara ýetmekde ähmiýetli çäre boldy.
Nurgulyýew Ýusup,
"Türkmennebit" DK-niň “Nebitgazçykaryş” trestiniň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlyk gullugynyň başlygy
Çeşme: "Türkmennebit" Döwlet korserni